Abdyllaýew Habyp Muhammedowiç
From Wikipedia
Abdyllaýew Habyp Muhammedowiç | |
---|---|
Doglan wagty | 1912 |
Ölen wagty | 1962 |
Käri | geolog |
Abdyllaýew Habyp Muhammedowiç (1912-1962) - özbek sowet geology, mineral-geologiýa ylymlarynyň doktory. ÖzSSR Ylymlar Akademiýasynyň akademigi (1947), SSSR Ylymlar Akademiýasynyň korr-çleni (1958), ÖzSSR Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti (1956-62), Lenin baýragynyň laureaty (1959). 1941-nji ýyldan SSKP çleni. Ol Orta Aziýa industrial (häzirki Daşkent politehniki) institutynyň teoretiki meselelerini, magdanlaryň çykýan ýeri hakyndaky taglymaty, skarnlar problemasyny we onuň bilen bagly bolan madanlaşmany işläp düzdi. Ýer gabygyndaky esasy gazylyp alynýan zatlaryň döreýiş we paýlanyş kanunalaýyklyk teoriýasyny öňe sürdi. 1970-nji ýylda "Metallogeniýa gazylyp alynýan peýdaly zaglaryň çykýan ýerleriniň gözleginiň teoretiki esasydyr" diýen monografiýasy üçin ölenden soň oňa Biruny adyndaky respublikan baýragynyň laureaty deýen at berildi. Abdyllaýew Lenin ordeni, iki gezek "Zähmet Gyzyl Baýdak" ordeni, üç gezek "Gyzyl Ýyldyz" ordeni, "Hormat Nyşany" ordeni we birnäçe medal bilen sylaglandy.