Web - Amazon

We provide Linux to the World


We support WINRAR [What is this] - [Download .exe file(s) for Windows]

CLASSICISTRANIERI HOME PAGE - YOUTUBE CHANNEL
SITEMAP
Audiobooks by Valerio Di Stefano: Single Download - Complete Download [TAR] [WIM] [ZIP] [RAR] - Alphabetical Download  [TAR] [WIM] [ZIP] [RAR] - Download Instructions

Make a donation: IBAN: IT36M0708677020000000008016 - BIC/SWIFT:  ICRAITRRU60 - VALERIO DI STEFANO or
Privacy Policy Cookie Policy Terms and Conditions
Magtymguly - Wikipedia

Magtymguly

From Wikipedia

Magtymguly Pyragy
Magtymguly Pyragy

Magtymguly Pyragy, XVIII asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.

Contents

[edit] Umumy Maglumat

Ol öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk ara-synda beyik söýgä mynasyp bolan klassykdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy suratlarynyň wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýärleri rehimsiz paş eden şahyrdyr. Magtymguly edebiýaty halk köpçüligine has ýakynlaşdyryar. Ol edebiýatyň dili, tematikasy jähitden göniden-göni halkyň jümmüşine aralaşýar, onuň zeruriýetliklerinden ugur alýar.

[edit] Magtymgulynyň ömri-durmuşy

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly-Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpisini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir. Şahyr "Älem belgilidir" diýen şygrynda

Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyp adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr

diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar. Magtymguly-Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet-Azadydan alýar. Ol bu barada:

„Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir“ - diýip ýazýar.

Magtymguly ilki oba mekdebinde okayar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowalary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary öhwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet- Azadyny döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.

Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. Xvýýý asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň üçin hem Döwletmämmet- Azadyny öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän, şol wagt güýçli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly mdresä okuwa gidär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr şol medresede ders berýän siriýaly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen doslaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.

Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Şirgazy» medresesinde alýar. Ol «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän sapaklaryň daţynda hem Gündogaryň görnükli ţahyrlary: Nyzamynyň, Nsiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özüni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty sapak geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.

[edit] Eserleri

Iň köp bilinýän milli duýgular bilen ýogrulan goşgularynyň arasynda "Türkmeniň","Türkmen binasy" goşgularyny mysal getirmek bolar.


[edit] Serediň

Magtymguly hakda http://www.tmolympiad.org/index.php?q=node/436#comment-3224

In other languages
Our "Network":

Project Gutenberg
https://gutenberg.classicistranieri.com

Encyclopaedia Britannica 1911
https://encyclopaediabritannica.classicistranieri.com

Librivox Audiobooks
https://librivox.classicistranieri.com

Linux Distributions
https://old.classicistranieri.com

Magnatune (MP3 Music)
https://magnatune.classicistranieri.com

Static Wikipedia (June 2008)
https://wikipedia.classicistranieri.com

Static Wikipedia (March 2008)
https://wikipedia2007.classicistranieri.com/mar2008/

Static Wikipedia (2007)
https://wikipedia2007.classicistranieri.com

Static Wikipedia (2006)
https://wikipedia2006.classicistranieri.com

Liber Liber
https://liberliber.classicistranieri.com

ZIM Files for Kiwix
https://zim.classicistranieri.com


Other Websites:

Bach - Goldberg Variations
https://www.goldbergvariations.org

Lazarillo de Tormes
https://www.lazarillodetormes.org

Madame Bovary
https://www.madamebovary.org

Il Fu Mattia Pascal
https://www.mattiapascal.it

The Voice in the Desert
https://www.thevoiceinthedesert.org

Confessione d'un amore fascista
https://www.amorefascista.it

Malinverno
https://www.malinverno.org

Debito formativo
https://www.debitoformativo.it

Adina Spire
https://www.adinaspire.com