Baglanyşyk energiýasy
From Wikipedia
BAGLANYŞYK ENERGIÝASY — bölejikleriň käbir toplumynyň baglanyşykly ýagdaýynyň energiýasy bilen bu bölejikleriň biri-birindei tükeniksiz daşlaşan ýagdaýyndaky energiýasynyň tapawudy. Eger-de bu bölejikler molekulany emele getirýän atomlar bolsa, onda Baglanyşyk energiýasy diýlip, himiki Baglanyşyk energiýasyna düşünilýär. Eger-de bu bölejikler atom ýadrosyny emele getirýän neýtronlar we protonlar bolsa, onda Baglanyşyk energiýasy diýlip ýadronyň Baglanyşyk energiýasynaa aýdylýar. Baglanyşyk energiýasy başga hili hem bolýar. Öz ululygy boýunça Baglanyşyk energiýasy sistemany düzýän bölejikleri dargatmaga sarp edilýän işe deň. Baglanyşykly ýagdaý emele gelende, energiýa bölünip çykýar, şu sebäbe görä Baglanyşyk energiýasy otrissatel ululykdyr. [[Absolýut ululyk|Absaolýut ululygy] boýunça Baglanyşyk energiýasy näçe köp bolsa Baglanyşyk şonça-da berk bolýar. Atom ýadrolarynyň Baglanyşyk energiýasy mln-ça ew-dan ybarat. Ýadrolarda şeýle uly Baglanyşyk energiýasynyň bolmagy atom ýadrolarynyň örän durnuklylygy bilen düşündirilýär. Bir protondan we bir neýtrondan ybarat bolan deýtronyň Baglanyşyk energiýasy 2,2 Mew deň. Uranyň ýadrosynyň Baglanyşyk energiýasy 1780 Mew golaýdyr. Käwagtlar ýadrodaky nuklonyň (protonyň ýa-da neýtronyň) Baglanyşyk energiýasy düşünjesi ulanylýar. Nuklony ýadrodaky baglanyşyklardan boşatmak üçin sarp edilýän energiýa nuklonyň Baglanyşyk energiýasy diýilýär. Ýeňil ýadrolardaky bir nuklona degişli bolan Baglanyşyk energiýasy ýadro baglylykda üýtgeýär. Bu üýtgeme 4He, 8Be, 12C we 160 ýadrolarynda (mes., 4He ýadrosy üçin Baglanyşyk energiýasy 7 Mew den) has güýçlüdir. Aralyk ýadrolar üçin bir nuklona degişli bolan Baglanyşyk energiýasy hemişelik diýen ýalydyr we ol 8,6 Mew deňdir.
Agyr ýadrolarda bir nuklona degişli bolan Baglanyşyk energiýasy kem-kemden azalýar. Bu sebäpli agyr ýadro (mes., uran) aralyk massaly iki ýadro bölünende energiýa bölünip çykýar. Iki sany ýeňil ýadro bir sany agyr ýadro birigende-de energiýa bölünip çykýar. Mes. 4He ýadrosy iki neýtrondan emele gelende takmynan 24 Mew bölünip çykýar. Baglanyşyk energiýasy massanyň defekti arkaly gös-göni aňladylýar. Atomdaky ýa-da molekuladaky elektronyň Baglanyşyk energiýasy ionizassiýa potenssialy bilen häsiýetlendirilýär. Erkin atomlardaky dürli elektronlaryň ionizassiýa potenssiallary atomlaryň gurluşlarynyň umumy kanunalaýyklyklary bilen şertlenendir. Molekulalar atomlardan emele gelende elektronlaryň Baglanyşyk energiýasy üýtgeýär.