Babikow Gennadiý Fýodorowiç
From Wikipedia
BABIKOW Gennadiý Fýodorowiç (1911) — türkmen sowet hudožnigi, peýzažçy, TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri (1967). Lipessk oblastynyň Ranenburg şäherinde dogulýar. Ol Russiýa respublikasynyň çeperçilik akademnýasynyň (RRÇA) Moskwa studiýasyny gutarýar. Babikow talantly sowet hudožnikleri Y. I. Maşkowyň we P. P. Sokolow-Skalýanyň okuwçysy. 1935 ýyldan TSSR Hudožnikler soýuzynyň çleni. Babikowyň döredijiligi türkmen topragyny özgerdijilere bolan mähir bilen gurşalaidyr. Ol «Köpetdagyň eteginde», «Gudok», «Säher», «Çeleken», «Estakada», «Ýer», «Krasnowodsk porty», «Biziň Çelekenimiz» we beýleki ençeme görnükli eserleriň awtorydyr. Ol birnäçe medal bilen sylaglandy.