Babbit
From Wikipedia
BABBIT — esasy galaýy ýa-da gurşun bolan antifrikssion splaw. Babbit podşipniklsriň wkladyşlaryny guýmak üçin ulanylýar. Babbitleriň käbirleri surmadan, misden, nikelden, myşýakdap, kadmiden, tellurdan, kalssiden, natriden, magniden we ş. m-lerden ybarat bolýar. Babbiti 1839 ýylynda I. Babbit (ABŞ) oýlap tapýar. Babbitiň ýokary antifrikassion häsiete eýe bolmagynyň sebäbi onuň gurluşynyň aýratynlygy bilen düşündirilýär, ýagny splawyň ýumşak çeýe esasynda gaty bölejikleri bolýar. Babbit aşak temperaturada (300—440°C) ereýänligi we gowy işleýänligi bilen tapawutlanýar. Galaýy esasly Babbit has berk podşipnikleri ýasamakda ulanylýar. Galaýyly Babbit gurşunly Babbite görä korroziýa çydamlylygy, durnuklylygy, ýylylyk geçirijnligi hem-de sürtülme koefissientiniň azlygy bilen tapawutlanýar. Gurşunly Babbit galaýyly Babbite garanda podşipnigiň ýokary temperaturasynda hem işläp bilýär. Gurşunly Babbit awtomobilleriň, traktorlaryň we ş. m-lernň podşipniklerini guýmak üçin ulanylýar. Gurgnunly-kalssili Babit demir ýol trapsportyiyň podşipniklerini guýmakda ulanylýar.
Categories: Himiýa | Fizika | Senagat