Babaýew Gurban
From Wikipedia
BABAÝEW Gurban (1908—68) — Sossialistik Zähmetiň Gahrymany. Köneürgenç raýonynyň «Gyzyl baýdak» obasynda dogulýar. 1931—49 ýyllarda «Bolşewik» kolhozynda kolhozçy, 1949—52 ýyllarda zwenowod, 1952—57 ýyllarda brigadir, 1957—62 ýyllarda kolhozçy we 1962—67 ýyllarda «Ak altyn» kolhozynda kolhozçy bolup işleýär. Ýokary pagta hasylyny alanlygy üçin, 1951 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. 1945 ýylynda «Zähmetde tapawutlananlygy üçin» diýen medal bilen sylaglanýar.