Babaýew Çary
From Wikipedia
BABAÝEW Çary (1907—1966) — Sossialistik Zähmetiňh Gahrymany. 1932 ýyldan SSKP çleni. TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (I çagyrylyş). Sakarçäge r-nynyň Akýap obasynda dogulýar. Babaýew ýaşlygyndan başlap daýhançylyk bilen meşgullanýar, batrakçylyk edýär. Ol 1928 ýylynyň sentýabrynda Garybata demir ýol stansiýasynda işläp başlaýar. 1929—33 ýyllarda Iknji Türküstan atly polkunyň starşinasy bolup, basmaçylara garşy göreşe gatnaşýar. 1932 ýylynyň ahyrlarynda öz obalaryna gaýdyp gelýär we ilki o/s-niň sekretary (1933—34), soňra o/s-niň başlygy (1934—38) bolup, obada täze medeiýeti ýaýratmakda, kolhoz gurluşygyny berkitmekde uly işler geçirýär. 1938 ýylynyň sentýabrynda Sakarçäge raýispolkomynyň başlygy bolýar. Soňra ol dürli wezipelerde işleýär. Inçe süýümli gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we oba hojalygynyň beýleki pudaklarynyň önümliligini artdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin, 1949 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. Babaýew «Hormat Nyşany» ordenn we TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň hor-mat hatlary bilen sylaglanýar.