Abu Ybrahym FARABY
From Wikipedia
Abu Ybrahym FARABY (Yshak ibn Ybrahym) - edebiýatçy we dilçi. Gelip çykyşy boýunça türki taýpadan bolup, "Sahahullugat" atly meşhur sözlügi ýazan belli dilçi alym Abu Nasyr Ysmaýyl ibn Hamat Jöwheriniň daýysy. Ol Türkmenistanyň gadymy Paraw (Ferawa -häzirki Gyzylarbadyň golaýynda) şäherinde önüp-ösüp, 350 hijri ýylynda (962) aradan çykypdyr. Onuň leksikografiýa degişli "Kitab diwanul-edep" atly eseri bar. Awtor bu kitabyny Atsyz ibn Horezmşa bagyşlap döredipdir. Ol Ibn Küteýbäniň "Edebil-k ätip" diýen kitabyna hem düşündiriş ýazypdyr.