ABU SEÝIDIŇ MAWZOLEÝI
From Wikipedia
ABU SEÝIDIŇ MAWZOLEÝI - Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşen ýadygärlik. Oňa türkmenler Mäne baba diýýärler. Ruhany Abu Seýidiň mazarynyň üstünden seljuk soltanlary tarapyndan gurdurylan bina 11. asyra degişlidir. Mawzoleý dörtgyraňly we gümmezli, berk hem haşamly salnypdyr. Abu Seýidiň mawzoleýi 14. asyryň 1 ýarymynda restawrasiýa edilipdir. Onuň diwarlarynyň iç ýüzi owadan nagyşlar bilen bezelipdir.