ABU SAD ABDYLKERİM ibn Muhammet ibn Mansur
From Wikipedia
ABU SAD ABDYLKERİM ibn Muhammet ibn Mansur As-Samany (1113-1167) - Orta Aziýa taryhçysy. Ol gelip çykyşy boýunça arap bolup, alym maşgalasynda doglupdyr. Ýaş wagtynda kakasy ölüp, ilki kakasynyň dostutynyň, soňra daýysynyň elinde terbiýelenipdir. Daýysy bilen syýahata gidipdir. Ol Nişapurda, Ispihanda, Hemedanda, Damaskda, Ýerusalimde, Tusda, Yrakda, Mesopotamiýada, Hijazda webaşga ýerlerde bolupdyr. Şol ýerlerde alymlardan rowaýatlar, hekaýalar diňläpdir, Bagdada baryp, 8 ýyll (1136-43/44) ýaşapdyr. Ol 1143 ýylda Mara gelip öýlenipdir, al-Ahmediniň medresesinde okapdyr. As-Samany 40-dan gowrak eser; şol sanda Bagdat al-Hatybyň taryhynyň dowamy - 15 tom, Marnyň taryhy -20 tomdan gowrak, geografiýa sözlügi, awtoryň şyh-mugallymlarynyň sözlügi, biografiýalar ýygyndysy, "Genealogik atlar kitaby" ("Kitab al-ansab") we başgalary ýazypdyr. Olaryň köpüsi Orta Aziýa şäherleri mongollar tarapyndan weýran edilende ýok bolupdyr. Şolardan "Genealogik atlar kitaby", "Marynyň taryhy" bize gelip ýetipdir we neşir edilipdir. Olar Orta Aziýa we Horasan barada gymmatly taryhy, biografik we geografik çeşme bolup hyzmat edýär.