ABU REÝHAN BIRUNY Muhammet ibn Ahmet
From Wikipedia
ABU REÝHAN BIRUNY Muhammet ibn Ahmet (973-1048) - Horezmde önüp-ösen alym, filosof, şahyr, lingwist. Ol geografiýa, matematika, minerologiýa, astronomiýa, farmakologiýa ýaly ylmyň dürli pudaklaryna degişli uly açyşlar edipdir. Ol köp sanly tebigy-ylmy, fil-sosiologik, syýasy-etik we poetik traktatlar ýazypdyr. Onuň ylmy we dini işleri özüniň köptaraplylygy, giňligi, meseleleriň batyrgaýlyk bilen goýluşy hem-de olaryň çözülişiniň originallygy bilen tapawutlanypdyr. Özara gan dökülişikli dawalaryň, dyngysyz harby çaknyşyklaryň, azat edijilik hereketiň güýçlenmegi, imperiýalaryň (Sasanitler, Gaznewiler, Garahanlylar, Seljuklar) ýykylmagy, dinastiýalaryň we häkimleriň (Mahmyt Gaznewi, Kabus, Mamun, Masut) çalşyp durmagy sebäpli, ol Gündogaryň dürli ýurtlarynda (Owganystanda, Eýranda, Hindistanda) sergezdanlykda ýaşamaly we eser döretmeli bolupdyr. Arap syýahatçysy geograf Ýakut Hamawy (13. asyr) Mary metjidiniň wakyfnamasynda bu uly alymyň kitaplarynyň ady ýazylan uly spisogy görenligini hanar berýär. Emma olaryň köpüsi ýa-ha ýitip ýok bolupdyr, ýa-da Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlarynyň kitaphanalarynda sanlyja golýazma galypdyr. Onuň 154 sany eseriniň ady belli bolup, olardan bize gelip ýeteni 40 çemesidir. Beýik akyldaryň "Geçen nesilleriň ýadygärlikleri", "Hindistan", "Minerologiýa", "Farmakognoziýa", "Masudyň kada-kanuny", ýaly işleri biziň günlerimizde hem gymmatyny gaçyrmadyk kitaplardyr. Ýokarda agzalan işleriň birinjisinde ("Geçen nesilleriň ýadygärliklerinde") awtor matematika, astronomiýa, meteorologiýa ýaly ylymlaryň esasy prinsipleri hakynda gürrüň berýär. Ol şonda Orta Aziýanyň gadymy halklarynyň ahlaklaryny we däp-dessurlaryny häsiýetlendirýär. Olaryň taryhynda bolup geçen esasy, has möhüm wakalary, dinlerini beýan edýär. Abu Reýhan Biruny özüniň göwrümi we içine alýan meseleleri boýunça ensiklopediýa ýaly bolan bu uly işinde Gündogaryň we Günbataryň köp halklarynyň - horezmlileriň, sogdularyň, farslaryň, araplaryň, ýewreýleriň, grekleriň, rimlileriň, we başgalaryň kalendarlaryny , ýyl hasaplaýyşlaryny deňeşdirýär hem analizleýär. Onuň beýleki işi ("Hindistan") Hindistanyň taryhyny, aýratyn-da onuň baý ruhy medeniýetini öwrenmekde häzire çenli möhüm çeşme bolup gelýär. 19. asyryň iň görnükli rus gündogar öwrenijisi W. R. Rozen bu ajaýyp eser barada şeýle diýýär: "Bu özboluşly ýeke-täk ýadygärlikdir we Günbataryň hem Gündogaryň ähli gadymy we orta asyr ylmy eserleriniň arasynda oňa taý geljegi ýokdyr...".