ABU NASYR MUHAMMET ibn Abdal-Jepbar al-Utbi
From Wikipedia
ABU NASYR MUHAMMET ibn Abdal-Jepbar al-Utbi (961-1022/36) - Orta Aziýa taryhçysy. Ol Horasanyň hökümdary Abu Aly Simjurynyň (983-993) mürzesi bolupdyr. Soňra Gaznanyň hökümdary Söbükteginiň, 997 ýylynda ol ölensoň, onuň ogly Ysmaýylyň, soňra ikinji ogly Mahmydyň mürzesi bolupdyr. Ol bu ýerde işlän döwründe syýasy taýdan-da möhüm rol oýnapdyr. Al-Utbi öz eýelän ýokary wezipesini, bütin edebi talantyny peýdalanyp, 1021 ýylynda Soltan Mahmyt al-Gaznewiniň taryhyny - "Döwletiň sag goly kitaby" ("al-Kitab al ýemini") diýen kitabyny ýazyp gutarypdyr. Al-Utbiniň bu kitaby stil taýdan örän oňat we çeper ýazylypdyr. Ahmet ibn Aly al-Manini 1144-47 ýyllarda şol kitaba düşündiriş ýazypdyr. Ol 1286 ýylda düşündirişi bilen bilelikde Kairde çap edilipdir. Al-Utbiniň ol kitaby Orta Aziýa taryhynyň 975-1021 ýyllar aralygyndaky döwri barada möhüm çeşme hasaplanýar. Ol öz kitabynda terjimehalyny hem ýazyp galdyrypdyr.