ABU JAFAR MUHAMMET
From Wikipedia
ABU JAFAR MUHAMMET ibn Jaryr Tabary (838-923) - görnükli taryhçy. Onuň asly eýranly. Ol Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda ýerleşýän Tabarystan welaýatynda doglupdyr. Arabystan ýarym adasyndaky döwletlere uzak wagtlap syýahat edenden soň, Bagdada barýar. Ol döwrüniň klassyky bilimini alýar we birnäçe uly eser ýazýar. Ol orta asyrda bütin dünýä taryhynyň ilkinji awtorlarynyň biri hökmünde tanalýar. Onuň "Taryh ar-rusul wa-l-mülýük" ("Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy") atly işi (dünýäniň döreýşi hakyndaky töwrat rowaýatlaryndan başlanmak bilen) yslamyň döreýşiniň we arap halifatynyň taryhyny beýan edýär. Bu işde Eýranyň, Orta Aziýanyň gadymy we irki orta asyrlar taryhy ep-esli orun tutýar. Onuň işlerinde arap serkerdeleri tarapyndan Horasanyň, Eýranyň beýleki ýerleriniň, Owganystanyň we Orta Aziýanyň basylyp alnyşy barada gyzykly maglumatlar bar. Alymyň ýazan işleri doly saklanmandyr, biziň günlerimize çenli örän az bölegi gelip ýetipdir. Galyberse-de, olar täzeden işlenipdir we baryp 10 asyrda arap dilinden fars diline terjime edilipdir. Şol terjimäniň awtory Samanitler dinastiýasynyň weziri Abu Aly Muhammet Balamydyr (974 lynda ölen). Balamynyň arap dilindäki golýazmany ilki redaktirläp, soňra terjime edendigini sowet gündogary öwrenijileri subut etdiler. Şol terjime eýran-täjik prozasynyň ilkinji ýadygärliklerinden biri bolup, taryhy çeşme hökmünde onuň uly ähmiýeti bardyr. Tabary kanun we teologiýa boýunça-da köp işleriň awtorydyr. Onuň şol işleriniň arasynda kanun hakyndaky ylymlar boýunça "Kitab ihtilaf al-fukaha" ("Hukuk öwrenijileriň dürli garaýyşlarynyň kitaby") diýen ýörite traktaty bar. Şol eserinde dürli ugurlardan musulman kanuny hakyndaky ylymlaryň teoriýasyny işläp düzüpdir. Şeýle hem "Tafsir al-koran" ("Gurhana düşündiriş") diýen at bilen gurhana 30 tomdan ybarat ýörite düşündiriş ýazypdyr. Tabarynyň hyzmaty arap-fars orta asyr istoriografiýasynda bütindünýä taryhy boýunça ilkinji bolup iş döredenligindedir.