ABU ABDYRRAHMAN MERWEZI
From Wikipedia
ABU ABDYRRAHMAN MERWEZI (Abu Abdyrrahman Abdylla ibn Mübärek al-Merwezi) - meşhur alym we sopy. Ol 118 hijri (736) ýylynda Maryda dogylýar. Ol örän jomart we abraýly adam bolupdyr. Meşhur şahyr Feridetdin Attar Abu Abdyrrahman Merwezi hakda "ylymda, batyrlykda deňi-taýy ýok adamdy" diýipdir. Abu Abdyrrahman Merweziniň Maryda uly jaýy bolup, onuň ýanyna her gün şäheriň görnükli adamlary, alymlary ýygnanar eken. Ol öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar hem ýazypdyr. Ol 181 hijri (797-798) ýylynda 63 ýaşynda aradan çykypdyr.