Web - Amazon

We provide Linux to the World


We support WINRAR [What is this] - [Download .exe file(s) for Windows]

CLASSICISTRANIERI HOME PAGE - YOUTUBE CHANNEL
SITEMAP
Audiobooks by Valerio Di Stefano: Single Download - Complete Download [TAR] [WIM] [ZIP] [RAR] - Alphabetical Download  [TAR] [WIM] [ZIP] [RAR] - Download Instructions

Make a donation: IBAN: IT36M0708677020000000008016 - BIC/SWIFT:  ICRAITRRU60 - VALERIO DI STEFANO or
Privacy Policy Cookie Policy Terms and Conditions
Şirin-şeker datly gawun - Wikipedia

Şirin-şeker datly gawun

From Wikipedia

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri we taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyryp gidipdirler. XII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy „Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmandym“ diýse, on ikinji asyryň meşhur taryhçysy Al-Makdisi: „Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur“ diýipdir. Merw we Horezm gawunlaryny arap halyflary Mamunyň we Wasihiň köşklerine daşy buz bilen gurşalan gurşun gaplarda eltipdirler. Olar eltilmeli ýerine zaýalanman eltilen halatynda her gawun üçin 700 dirhem töläpdirler.

Fransua Bernýe on ýedinji asyrda gyş paslynda Delide Orta Aziýadan getirilen gawunlaryň gymmat bahadan satylýandygy hakynda ýazypdyr. Ol gawunlary pagta dolap eltýän ekenler. Türkmen gawunlary hytaý imperatorlarynyň, hindi şalarynyň we arap halifleriniň desterhanlaryny bezese, şirin-şeker türkmen gawunlary Soltan Sanjaryň, Baýram han Türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň söýer aşy bolupdyr.

Orta Aziýaly täjirler gawunlary Ýewropa hem äkidipdirler. Ýöne gawuny barjamly, baý adamlar satyn alyp bilipdir. Umuman, gawun şa desterhanyna mynasyp ýokumly iýmit hasaplanypdyr. Ýewropa patyşalary dabaraly gawun iýişlige öz golastyndakylaryň diňe golaýlaryny çagyrypdyrlar. Gawuny ýewropalylar diýseň gowy görüpdirler. Mysal üçin, Rim imperatory Klawdiý Albin ertirlik naharynda gawun iýmegi gowy görýän eken.

Lukman Hekim diýlip tanalýan meşhur Ibn Sina hem türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr. Sebäbi gawunlaryň düzüminde gant, karotin, S,R witaminleri, adam organizmi üçin gymmatly minerallar köp. Gawun peşew halta, öt halta, bagra, az-azdan iýilse aşgazana, içegelere oňat täsir edýär. Ol nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär. Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini aýyrýar. Waharman gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydyr.

Türkmenistanda gawunyň haýsy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýändigi barada taryhyň saralan sahypalarynda maglumatlar bar. Muňa Merwde gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagty gadymy Gäwürgaladan tapylan gawun çigitleri hem şaýatlyk edýär. Biziň eýýamymyzyň VI asyrynda Türkmenistanda bakja ekinlerini, esasanam gawundyr garpyz ekýän daýhanlar ýer üçin tölenýän salgytdan boşadylýan eken.

Biziň günlerimizde ýurdumyzyň babadaýhanlary gawunlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Sahawatly topragyň nury çaýylan bereketli gawunyň ösdürilip ýetişdirilişine ünsüň güýçlenmegi ýöne ýerden däldir. Merhemetli Prezidentimiziň gawun baýramyny bellemek hakynda Perman çykaryp, şol baýramyň döwlet derejesinde bellenip geçilmegi türkmen gawunlaryny döreden ata-baba daýhanlarymyza uly hormatymyz bolup, beýleki bir tarapdan bolsa bu datly bakja önümiň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýändigine buýsanjymyzdyr.

[edit] Ulanylan çeşmeler

EÝHO - http://www.eyho.8m.net

Our "Network":

Project Gutenberg
https://gutenberg.classicistranieri.com

Encyclopaedia Britannica 1911
https://encyclopaediabritannica.classicistranieri.com

Librivox Audiobooks
https://librivox.classicistranieri.com

Linux Distributions
https://old.classicistranieri.com

Magnatune (MP3 Music)
https://magnatune.classicistranieri.com

Static Wikipedia (June 2008)
https://wikipedia.classicistranieri.com

Static Wikipedia (March 2008)
https://wikipedia2007.classicistranieri.com/mar2008/

Static Wikipedia (2007)
https://wikipedia2007.classicistranieri.com

Static Wikipedia (2006)
https://wikipedia2006.classicistranieri.com

Liber Liber
https://liberliber.classicistranieri.com

ZIM Files for Kiwix
https://zim.classicistranieri.com


Other Websites:

Bach - Goldberg Variations
https://www.goldbergvariations.org

Lazarillo de Tormes
https://www.lazarillodetormes.org

Madame Bovary
https://www.madamebovary.org

Il Fu Mattia Pascal
https://www.mattiapascal.it

The Voice in the Desert
https://www.thevoiceinthedesert.org

Confessione d'un amore fascista
https://www.amorefascista.it

Malinverno
https://www.malinverno.org

Debito formativo
https://www.debitoformativo.it

Adina Spire
https://www.adinaspire.com